I LIKE VST TURKMENISTAN Barada
Hoş geldiňiz!
Her gün Saglyk öýüne baryp derman serişdesini içmek käte kyn bolup biler. Käbir ýagdaýlarda derman serişdesini içmeli wagty siziň üçin oňaýsyz bolup biler ýa-da Siziň üçin derman serişdesini içmek, gije ýatmazdan öň amatly bolup biler
Inçekesele garşy bejergi almak we derman serişdelerini kabul etmek näsag üçin has aňsat we amatly bolar ýaly, Wideo gözegçilik arkaly bejergi sanly platformasy döredildi.

Siziň Lukmanyňyz
Siziň saglygyňyza onlaýn gözegçilik edýän lukmanyňyz bilen hemişe habarlaşyp duruň.
Öýde, Ambulator bejergi
Saglyk öýüne barmak üçin wagt ýitirmezden, günüň dowamynda lukmanyň maslahaty boýunça derman serişdeleriňizi içip bilersiňiz.
Gapdallaýyn täsirleri
Bejergi döwründe gapdallaýyn täsirler ýüze çykan halatynda, haýal etmän lukmanyňyz bilen maslahatlaşyň.

Wideo gözegçilik arkaly bejergi platformasynyň mobil programmasy
-
Dermanlary günüň dowamynda kabul etmek
-
Derman kabul etmekligi wideoýzaga almak
-
Saglyk ýagdaýyňyza gündelik gözegçilik
-
Inçekesel barada maglumat
Gerek bolan ýagdaýynda, ýakyn töweregiňizdäki inçekesel otagynyň salgysy, iş sagatlary we aragatnaşyk maglumatlary barada maglumat alyp bilersiňiz. Bu size iň tiz we amatly kömegi gazanmak üçin peýdaly bolar.
Bu sanly platformanyň, Size saglygy goraýyş hyzmatlaryny has elýeterli etmekden ybaratdyr. Size bolsa bejergini üstünlikli tamamlamak üçin her gün dermanlaryňyzy wagtynda kabul etmek galýar.
Ulanmak üçin gözegçilik edýän lukmanyňyza ýüz tutyp bilersiňiz
Tehniki kömek
Habarlaşmak üçin maglumat
Salgy
Türkmenistanyň Milli Gyzyl ýarymaý jemgyýeti
2022 köçe.116/16b, 744000, Aşgabat, Türkmenistan
Elektron poçta
Telefon
+ 993 12 93 17 50
Biz Wideo gözegçilik arkaly bejergi platformasyny ulanýan ulanyjylarda kynçylyklar ýa-da soraglar ýüze çykyp biljekdigini bilýäris. Şonuň üçin, bu meseleleri çalt we netijeli çözmek üçin tehniki goldaw maglumatlary arkaly ýüz tutyp bilersiňiz.
Maglumatlary goramak
Siziň şahsy maglumatlaryňyzy goragly saklamak we howpsuzlygyňyzy üpjün etmek üçin ähli zerur çäreleri görlendir.